gamçy

gamçy
At sürmek üçin taýajyga berkidilip, gatlanyp tikilýän, örülýän gaýyş.
∙ Hoşly garyljyk sesi bilen gygyryp, gamçysyny bulaýar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
∙ Bogdanow, biz taýýar! -- diýip, bilinden gamçysyny çykaryp aldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
gamça basmakAta gamçy çalyp ýüzin salyp çapyp gitmek.
∙ Meret obadan çykandan soň, ýabysyny gamça basdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
gamçy iýmekUrulmak.
gamçy towlamakHaýbat atmak, gorkuzmak.
∙ Oň üstüne gamçy towlap hojaýyn iýdiň, içdiň -- diýip, hakyn bermändir. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»